Ýelimlenjek ýeriň taýarlanylşy. Kafeliň ýa-da beýleki materiýalyň ýelimlenjek
ýeri mäkäm, arassa we tekiz bolmaly. Tozan ýa-da her hili kir(ýag,renk we
ş.m.)bolan ýagdaýynda ýelimlenjek ýer hokman arassalanmaly hem-de
+23C-dan ýokary tempraturada suw bilen öllenmeli.
25 kilogramlyk bir halta önüm 7-8 litr
suwy talap edýär.
Gury önüme suwy goşmaly we haýal aýlawda garmaly. Garylandan soň 5 minut garaşmaly we täzeden garmaly.
Garyndy ulanmaga taýýar.
Garyndyn dişli malanyň göni tarapy bilen
çalmaly.
Malanyň dişli tarapy bilen garyndyny endigan ýazmaly we 20 minutyň dowamynda kafeli ýelimlemeli.
Bellik. Ýelmeşdiriji garyndy 8 millimetrden galyň çalynmaly dal.
Täze ýelimlenen
ýeri 24 sagadyn dowamynda göni gün şöhlesinden, şemaldan, ýagyndan,
doňmakdan we aşa ýokary tempraturadan goramaly.
24 sagatdan soň kafelleriň arasy
SEREFUGA yörite dolduryjy garyndysy bilen doldurmaly.
Sarp edilişi: Ýelimlenilýan üste baglylykda 2-3 kg/m.
Saklanyş möhleti: Gury ýerde saklananda 6 aý.
Tehniki görkezijileri:
Berklik markasy: M-150 Süýşýanlik Markasy: П.2