Suw bilen aragatnaşykda bolýan sement esasly desgalaryň ýüzi mäkäm, gury, tozansyz we arassa bolmaly.
Çalynjak ýüzlerde demir we agaç bölejikleri bar bolan ýagdaýynda olary aýyrmaly.
Çalynjak ýüzler suw bilen öllenmeli we ýarym gury ýagdaýa gelýänçä garaşmaly.
Suwyklyk görnüşindäki B komponentini arassa bir gaba guýmaly.
Toz görnüşindäki
A komponentini suwuklyga az-azdan goşup minutda 400-600 aýlawly mikseriň kömegi bilen
3-5 minut birmeňzeş (digirsiz) garyndy emele gelýänça garmaly. 3-5 minut garaşyp täzeden 30 sekunt
ýaly
garylanyndan soň garyndy ulanmaga taýýar.
Garyndy çalynjak ýere çotga ýa-da mala arkaly çalynýar.
2-3 gat çalmagyňyzy maslahat barýaris
we her bir gat öňki gata görä perpendikulýar ugurda bolmaly.
Her gatyň galyňlygy 1,5 mm-den uly bolmaly däl.
Çalynan gatyň üstüne täze gat 2-3 sagatdan soň çalynmaly.
Guraýan wagty 12 sagat.